Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

30.03.2018 | Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 2018-nji ýylyň 30-njy martynda bolup geçen birinji maslahatynyň barşynda açyk ses bermegiň netijeleri boýunça:


30.03.2018 | Türkmenistan — BMG: durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki okuw maslahaty geçirildi. Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşy maslahatyň esasy mowzugyna öwrüldi.


30.03.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.


29.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda jemgyýetçilik-syýasy çäre — Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň hem-de Geňeş agzalarynyň ýakynda geçirilen saýlawlarynyň jemlerine seredildi.


29.03.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek we ýurdumyzyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


29.03.2018 | Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisine gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistan döwletimiziň ak mermerli paýtagty Aşgabat şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Özbegistan Respublikasynyň Milli senagat sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


28.03.2018 | Eýranyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi sapary tamamlandy

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkmenistana bolan resmi saparynyň çäklerinde “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördi.


28.03.2018 | Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi boldy. Onda Mejlisiň VI çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap, halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly jemi jemlenildi.


27.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Hasan Ruhaniniň arasyndaky gepleşikler

Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani resmi sapar bilen Türkmenistana geldi.


26.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter