Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

19.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli maslahata gatnaşar

Şu gün — 20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugraýar. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň yglan eden «Durnukly ösüş üçin suw, 2018 — 2028-nji ýyllar» atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp, Duşenbe şäherinde geçiriljek ýokary derejeli halkara maslahata gatnaşar.


18.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň imperatory Akihito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe Osaka prefekturasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.


18.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


18.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň adalat edaralarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde bellenilýän Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


17.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň.


16.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, kanunçylygy ygtybarly gorajak ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, şeýle hem zähmet ýoluna we harby gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


15.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Sizi we Türkmenistanyň ähli halkyny musulman ymmatynyň uly şatlyk bilen belleýän mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


15.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

65 ýaş toýuňyz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!


14.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


14.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Hormatly jenap Prezident! Biz Melaniýa bilen amerikan halkynyň adyndan Size we Türkmenistanyň halkyna Oraza baýramy mynasybetli iň gowy arzuwlarymyzy ýollaýarys.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter