Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.10.2019 | Resmi habar

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine ätiýaçlyk şaýlaryny we enjamlaryny satyn almak barada Beýik Britaniýanyň «Professional & Broadcast Digital Systems Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


14.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministri jenap Sindzo Abe bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren güýçli harasat zerarly gynanç hatlaryny iberdi.


13.10.2019 | Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakyndaky Jarnama

Biz, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (mundan beýläk — GDA, Arkalaşyk) gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlary Arkalaşygyň we GDA gatnaşyjy döwletleriň her biriniň ykdysady bähbitleriniň durmuşa geçirilmegine, GDA-nyň çäklerinde hem-de beýleki döwletler we halkara guramalar bilen yklym we yklymara derejelerde ykdysady aragatnaşyklaryň ösüşini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli gurluşlaryny döretmäge uly ähmiýet berip,


13.10.2019 | DIM-de geçirilen metbugat maslahatyna gatnaşanlar GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemlerini ara alyp maslahatlaşdylar

12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginide GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat mejlisiniň jemlerine bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi.


11.10.2019 | Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi. Sammit ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de halkara derejeli iri çäreleri geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulan kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda boldy.


11.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde eden ÇYKYŞY

Şu günki mejlise gatnaşmak üçin bize gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ýolbaşçylaryny, wekiliýetleriň baştutanlaryny we agzalaryny Türkmenistanda ýene bir gezek tüýs ýürekden mübäreklemäge rugsat ediň!


11.10.2019 | Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Prezidenti G.M.Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.W.Putiniň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmekde hem-de peýdalanmakda gazanylan görlüp-eşidilmedik üstünlikleri, şeýle hem olaryň gündelik durmuşa artýan täsirini ykrar edýärler.


11.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Garaşsyz Döwletleriň ArkalaşygynyňÝerine Ýetiriji komitetinin Başlygy - Ýerine Ýetiriji sekretary Sergey Nikolaýewiç Lebedewi Türkmenistanyň «BitarapIyk» ordeni bilensylaglamak hakynda


11.10.2019 | Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Maňa ýokary sylag bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen derejäniň berlendigi üçin Size we Türkmenistanyň tutuş halkyna tüýs ýürekden hoşallygymy ýene bir ýola mälim etmäge rugsat beriň.


11.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň duşuşygy geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter