Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

08.06.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere we käbir resminamalara garaldy.


08.06.2018 | Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi.


07.06.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip, durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryna baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.


07.06.2018 | Türkmenistanda Kolumbiýa Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kolumbiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfonso Lopes Kabalýerodan ynanç hatyny kabul etdi.


06.06.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür ge­ňe­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­ty ka­bul et­di.


04.06.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary hem-de Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


04.06.2018 | Türkmenistanda Argentina Respublikasynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Argentina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rikardo Ernesto Lagoriodan ynanç hatyny kabul etdi.


04.06.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Perhat Aýmämmedowiç Kowusow Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


03.06.2018 | Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklary, şol sanda medeni aragatnaşyklary pugtalandyrmaga uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan etmäge rugsat ediň.


03.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi halkara derejede bütin dünýäde, şeýle hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ilkinji gezek giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter