Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

25.10.2018 | Türkmenistan - ABŞ: Durnukly ösüşiň maksatlarynda işewür hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzda nobatdaky Türkmenistan — ABŞ ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.


25.10.2018 | Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini tamamlady. Mejlis Daşary işler ministrligi, Senagat ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň hünär ugurly düzümleriniň esasy hünärmenleri hem-de bu ulgamyň bilermenleri gatnaşdylar.


25.10.2018 | Türkmenistanda Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Portugaliýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Mariýa Paula Wieýra Ferreýra Leal da Silwadan ynanç hatyny kabul etdi.


24.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary, şeýle hem iri desgalaryň birnäçesinde işleriň ýagdaýy we şäheri abadanlaşdyrmak, onuň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.


23.10.2018 | Tokioda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň hökümet we işewür toparlarynyň duşuşyklary geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy oktýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar.


23.10.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Döwran Döwletowiç Halbaýew Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň başlygy wezipesine bellenildi.


22.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy bilen baglanyşykly hem-de döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.


21.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ram Nath Ko­win­de hem-de Prem­ýer-mi­nist­ri Na­rend­ra Mo­dä ýur­duň Pen­jab şta­ty­nyň Am­rit­sar şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da bo­lup ge­çen, köp san­ly adam pi­da­la­ry­na we şi­kes ýet­me­le­ri­ne ge­ti­ren pa­jy­ga­ly ot­ly he­läk­çi­li­gi ze­rar­ly gy­nanç ha­ty­ny iber­di.


20.10.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň mas­la­ha­ty

Şu gün Mej­li­siň al­tyn­jy ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky üçün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň tä­ze re­dak­si­ýa­sy­na we ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan bir­nä­çe ka­nun­lar we ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­lary ka­bul edil­di. Mas­la­ha­ta de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­dy.


19.10.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter