Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

20.11.2018 | «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara

Ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ga­za­nan­la­ry­ny dün­ýä ýaý­mak mak­sa­dy bi­len Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2018» at­ly XXIII hal­ka­ra mas­la­ha­tyň we ser­gi­niň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Wa­ta­ny­my­zyň ne­bit­gaz pu­da­gy­ny ös­dür­mek we ony mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wat­ly ul­ga­my­na öwür­mek ba­bat­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ňiz­de ro­waç­lyk­la­ry ar­zuw ed­ýä­rin!


19.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň bir­nä­çe orun­ba­sar­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň kä­bir mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni ara­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy, şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


16.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi, mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


16.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Babajanow S.H. hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Babajanow S.H. hakynda


16.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.I.Enermyradow hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ö.I.Enermyradow hakynda


16.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.Meredow hakynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.S.Meredow hakynda


16.11.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýewiň üstüne ýüklenildi.


15.11.2018 | Türkmenistanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen maslahata CAREC Maksatnamasyna girýän ýurtlaryň, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň, Bütindünýä bankynyň, Yslam ösüş bankynyň, CAREC institutynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Halkara pul gaznasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň we beýlekileriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.


15.11.2018 | Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň «CAREC 2030: Söwdany giňeltmek we diwersifikasiýa ýardam bermek» atly Merkezi Aziýada sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahatynyň öz işine başlamagy bilen gutlaýaryn!


14.11.2018 | Türkmenistanda Braziliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Marsiýa Donner Abreudan ynanç hatyny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter