Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

24.07.2019 | Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik ýüküni iberdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystan Yslam Respublikasynyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegini goldamak maksady bilen, goňşy ýurda nobatdaky ynsanperwerlik ýüküniň uly tapgyry bilen ýörite awtoulag kerweni ugradyldy.


24.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


24.07.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasynyň açylyş dabarasyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolarlar.


21.07.2019 | Döwlet Baştutany Owganystana ynsanperwer kömeginiň täze tapgyryny ibermek barada Buýruga gol çekdi

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Owganystan Yslam Respublikasyna ykdysady, durmuş hem-de ynsanperwer ugurlarda ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


21.07.2019 | Tükmen-bahreýn hökümetara toparynyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


21.07.2019 | Saglygy goraýyş ulgamynyň tapawutlanan işgärlerine «Türkmenistanyň halk lukmany» ady dakyldy

Häzirki döwürde Garaşsyz Bitarap Watanymyzda döwlet ähmiýetli ägirt uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.


21.07.2019 | Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärlerine

Sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


20.07.2019 | BMG Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli syny bilen tanyşdyryldy

2019-njy ýylyň 18-nji iýulynda BMG-nyň ştab-kwartirasynda Ýokary derejeli syýasy foruma gatnaşan Türkmenistanyň wekilýeti Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça birinji Meýletin milli syn bilen tanyşdyrdy diýlip, ýurduň daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.


20.07.2019 | «SagLyk — 2019» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi «Saglyk — 2019» atly halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


19.07.2019 | GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylara

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter