Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tebigy gazdan awtomobil benzinini öndürýän zawodyň işe girizilmegine bagyşlanan dabarada eden çykyşy

Men siziň ähliňizi eziz Diýarymyz üçin şatlykly waka — tebigy gazdan ýokary hilli awtomobil benzinini öndürýän zawodyň ulanylmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Kawasaki» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tatsuýa Watanabeni kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň «Sojitz» kompaniýasynyň wekillerini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Sojitz» korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory, «Sojitz Europe plс» kompaniýasynyň Ýewropa, Russiýa we GDA boýunça prezidenti we baş direktory Satoru Takahamany hem-de şu korporasiýanyň geňeşçisi, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň wise-başlygy Toşiharu Ýoşimurany kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «NATA Holding» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy kabul etdi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol iri senagat desgasynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.


27.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň daşary işler boýunça müdirliginiň direktory, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpei kabul etdi. Ol Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldi.


27.06.2019 | Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karsten Sendergorddan ynanç hatyny kabul etdi.


27.06.2019 | Ýaponiýanyň Imperatory tagta çykmagy mynasybetli gutlaglary üçin türkmen Liderine hoşallyk bildirdi

Siziň Alyhezretiňiz, meniň tagta çykmagym mynasybetli iberen, mähirli sözler beýan edilen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter