Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.12.2018 | TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 868,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.


01.12.2018 | Resmi habar

Türkmenistanyň Mejlisi “Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”; “Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Ulag babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriniň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Hazar deňzinde hadysalaryň öňüni almak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”; “Genosid jenaýatynyň öňüni almak we onuň üçin jezalandyrmak hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda”; Birleşen Milletler Guramasynyň işgärleriniň we onuň bilen bagly işgärleriň howpsuzlygy hakyndaky Konwensiýa Fakultatiw Teswirnama goşulmak hakynda” Kararlary kabul etdi.


01.12.2018 | Türkmen parlamentarileri “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Kanuny kabul etdiler

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda parlamentarilere ara alyp maslahatlaşmak üçin “Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Bu ýere ýygnananlaryň belleýişleri ýaly, halkyň we ýurdumyzyň her bir raýatynyň saglygy hem-de abadançylygy hakyndaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Sagdyn durmuş ýörelgelerini, sport bilen meşgullanmagy wagyz etmek, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiri baradaky maglumatlary ilata ýetirmek bu ugurda alnyp barylýan wajyp işleriň biri bolup durýar.


30.11.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti we bilim ulgamyny ösdürmek, oba hojalygynda özgertmeleriň dowam etdirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


30.11.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


29.11.2018 | Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Migel Umberto Lekaro Barsenasdan ynanç hatyny kabul etdi.


28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.


28.11.2018 | Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihails Popkowsdan ynanç hatyny kabul etdi.


28.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.


28.11.2018 | Awazada ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady

2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenbaşy şäheriniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (Lapis Lazuli) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty öz işine başlady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter