Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.03.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mämmedow Karar Nepesowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


28.02.2020 | Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi we Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.


28.02.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy.


27.02.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


27.02.2020 | Resmi habarlar

«Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň emläk, şahsy we raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we şol guramanyň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.


26.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti ýaşlar syýasaty boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmak maksady bilen maslahat geçirdi.


25.02.2020 | Milli Liderimiz Türkmenistana ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň başlygy P.Agamyradowyň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


24.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de öňde boljak şanly seneler mynasybetli meýilleşdirilen köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


24.02.2020 | Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy

I. 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edilen, 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bilen rejelenen görnüşde tassyklanan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý. № 3, 131-nji madda; 2017 ý., № 4, 130-njy madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:


21.02.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyşyna gatnaşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter