Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 14-nji aprel (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Seuldan gaýdyp gelen badyna paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden VIP zalynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


13.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Seul, 13-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolmagynyň barşynda Aziýa – Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti Ço Dae-hýun bilen duşuşyk geçirdi.


13.04.2015 | Seulda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçirildi

Seul, 13-nji aprel (TDH). Düýn Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýurduň paýtagty Seul şäherine geldi. Bu ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, onda oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de ösdürmäge täze çemeleşmeler, söwda-ykdysady döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ugurlary kesgitlenildi.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Tegu, 12-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň barşynda Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Tegu, 12-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Monako döwletiniň baştutany bilen duşuşdy

Tegi, 12-nji aprel (TDH). Koreýa Respublikasynda geçirilýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Monako Emirliginiň baştutany, emir Alber II bilen duşuşdy.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň VII Bütindünýä suw forumynda eden çykyşy (2015-nji ýylyň 12-nji apreli, Tegu şäheri – Koreýa Respublikasy)

Hormatly başlyk! Hormatly Foruma gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Şu ýere ýygnananlaryň ählisini VII Bütindünýä suw forumynyň açylmagy bilen gutlaýaryn we Onuň Alyhezreti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine, Bütindünýä Suw Geňeşine bu möhüm halkara duşuşygyna gatnaşmaga iberen çakylygy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur hoşallygymy bildirmäge rugsat ediň.


12.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Tegu — Seul, 12-nji aprel (TDH). Koreýa Respublikasynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýurda döwlet saparynyň maksatnamasynyň öňüsyrasynda Tegu şäherinde geçirilýän VII Bütindünýä suw forumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


11.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna geldi

Aşgabat-Tegu, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Koreýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


10.04.2015 | Ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlyk

11-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet sapary bilen ugraýar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň ýolbaşçylary bilen ýokary derejede ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer, şeýle hem VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter