Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.09.2016 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň täze gurulýan desgalaryndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz şäheriň zeýkeş- aragatnaşyk ulgamyny ösdürmegiň barşyna baha berip, bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


27.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň energiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň energiýa üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berdi.


26.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


23.09.2016 | Türkmenistanda Täze Zelandiýanyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ian Hillden ynanç hatyny kabul etdi.


23.09.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


21.09.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji sentýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakaony kabul etdi.


06.09.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýörişe we sport toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat-Türkmenbaşy, 6-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary başlandy, bu ýerde möhüm binagärlik açylyşlary, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler.


04.09.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň şu ýylyň sekiz aýyndaky işleriniň netijeleri jemlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.


03.09.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň 8 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan jogapkärli wezipelerini netijeli çözmek maksady bilen bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


03.09.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 3-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan-ABŞ Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory jenap Erik Stýuarty kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter