Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

16.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 16-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, öňde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


14.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Sendaý, 14-nji mart (TDH). Şu gün Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy. Duşuşyk ählumumy maslahatyň geçirilýän ýeri bolan Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde boldy.


14.03.2015 | Türkmen-gyrgyz hökümetara toparynyň mejlisi

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň birinji mejlisi oldy, oňa iki ýurduň döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada Gyrgyz Respublikasynyň wise-premýer- ministri Abdurahman Mamataliýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet geldi.


14.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň III Bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Sendaý, 14-nji mart (TDH). Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligi azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


14.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Sendaý, 14-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynyň geçýän ýerinde, Sendaý şäheriniň Halkara merkezinde Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abe bilen duşuşygy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn türkmen döwletiniň Baştutany bu ýurda iş sapary bilen geldi.


14.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatynda eden ÇYKYŞY

(2015-nji ýylyň 14-nji marty, Sendaý, Ýaponiýa) Hormatly hanym Başlyk! Hormatly wekiliýetleriň baştutanlary! Hanymlar we jenaplar!


13.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersitetiniň wekillerini kabul etdi

Sendaý, 13-nji mart (TDH). Ýaponiýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň Milli uniwersitetler korporasiýasynyň Hirosaki uniwersitetiniň ýolbaşçysyny we ylmy toparynyň wekillerini kabul etdi. Duşuşyk döwlet Baştutanymyzyň kabulhanasy ýerleşen “Metropolitan” myhmanhanasynda geçirildi. Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Sendaý şäherine BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatynyň işine gatnaşmak üçin geldi.


13.03.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Tokio-Sendaý, 13-nji mart (TDH). BMG-niň “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň çakylygy bilen Ýaponiýa iş sapary bilen baran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün bu ýerde Imperator Akihito hem-de bu ýurduň işewür we ylym-bilim toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu duşuşyklar Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn, giň gerimli gatnaşyklary hökmünde işjeň ösýän türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň dowamyna öwrüldi.


12.03.2015 | Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Milli Liderimiz şol ýerde BMG-niň tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak babatdaky III Bütindünýä maslahatyna gatnaşar. Bu maslahat Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçiriler.


11.03.2015 | Türkmen-eýran işewürler maslahaty

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda türkmen-eýran işewürler maslahaty boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter