Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ş.H.Hudaýkulyýew hakynda Şöhrat Hemrakulyýewiç Hudaýkulyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.


09.04.2019 | Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


08.04.2019 | Resmi habar

«Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek we ätiýaçlandyrylýanlary ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda, tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibi tassyklandy.


07.04.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti FIAS-nyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) prezidenti Wasiliý Şestakowy kabul etdi.


07.04.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi ýurdumyzda uly dabara bilen bellenýän ajaýyp halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda hem sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleri giňden ornaşdyrylýan güneşli Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän aýdym-sazly dabaralaryň, giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin sport hereketiniň eziz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyryp, abadan we bagtyýar durmuşda beýik geljegimizi gurýan mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


05.04.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.04.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmegi üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2019-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi.


04.04.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreler kesgitlendi.


04.04.2019 | Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) arasynda 2016 — 2020-nji ýyllar üçin ýurt boýunça maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasynyň çäklerinde taýýarlanylan 2019-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy.


04.04.2019 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin içeri işler ministri Mulikow Isgender Handurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter