Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.01.2015 | Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamyny ösdürmek we adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmek boýunça görkezme berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk gatnaşyklary, täjirçilik geleşikleri bilen bagly jedelleri çözmek üçin özbaşdak hereket edýän orbitraž kazyýet ulgamynyň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Işewürlik gatnaşyklarynda emele gelýän söwda-ykdysady jedelleri bütin dünýäde edilişi ýaly, orbitraž edaralarynyň üsti bilen çözmek meselesine seretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň deputatlary bilen bolan duşuşykda eden çykyşynda aýtdy. Şu maksat bilen, orbitraž kazyýetini ýokary kazyýetiň düzüminden çykarmaly.


15.01.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Aşgabat, 15-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda deputatlaryň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.


13.01.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýylda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ilkinji mejlisini geçirdi, onda geçen 2014-nji ýylda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň jemleri we düzümleriň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


12.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda Milli oba maksatnamasyny amala aşyrmagyň nobatdaky wezipelerine, şeýle hem döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.


09.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

(2015-nji ýylyň 9-njy ýanwary) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Ýurdumyz üçin 2014-nji ýylyň ýeňil bolmandygyny açyk aýtmak isleýärin. Biziň ykdysadyýetimiz dünýäniň köp döwletleriniň ykdysadyýeti bilen berk baglanyşykly. Şoňa görä-de, dünýäde bolup geçýän ýaramaz hadysalar, aýry-aýry döwletleriň çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýy ýurdumyza hem gönüden-göni öz täsirini ýetirýär, ykdysady görkezijilerimize ýaramaz täsir edýär. Bu bolsa, bizi ähli çäreleri görmäge, kähalatlarda bolsa, ýüze çykan meseleleri çözmek üçin adaty bolmadyk, gyssagly çäreleri görmäge mejbur edýär.


09.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Aşgabat, 9-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary çagyryldy. Mejlisiň gün tertibine 2014-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerini jemlemek hem-de ýakyn geljek üçin milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler bilen bagly meseleler, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalary girizildi.


07.01.2015 | Dekabr-2014: milli Liderimiziň daşary syýasata degişli başlangyçlarynyň ugruna eýermek arkaly

Geçen dekabr Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oňyn özgertmeleriň ugry bilen ynamly gadam urýan döwrebap türkmen döwletiniň täze taryhynda, hakykatdan-da, möhüm ähmiýetet eýe bolan 2014-nji ýyly özboluşly görnüşde jemledi. Netijeli işjeň duşuşyklaryň onlarçasynyň geçirilmegi, köpsanly daşary ýurt wekiliýetleriniň saparlary, iri halkara forumlarynyň we sergileriň guralmagy – bularyň ählisi ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň milli Liderimiziň başlangyjy boýunça “açyk gapylar” syýasatyny hem-de deňhukuklylyga we özara bähbitlilige mahsus ýörelgeler esasynda guralýan giň döwletara hyzmatdaşlygyny durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi.


05.01.2015 | Türkmen köli: suw serişdelerini aýawly ulanmak Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin suw ýaşaýyş, durmuş hem-de mundan beýläkki ösüş üçin iň gymmatly serişdeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur almak bilen, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. “Suw hakynda” Türkmenistanyň Kodeksi suw serişdelerini oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda ulanmagyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär.


05.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere we döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan wezipelere garaldy.


01.01.2015 | TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň uly üstünliklere beslenen 2014-nji — bedew ýyly tamamlanyp barýar. Yene sähel salymdan biz ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barjak 2015-nji ýyly ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşylarys.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter