Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 26-njy ýanwar /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň, käbir edaralaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmegiň barşy seljerildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


23.01.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demirýolçulara döwlet sylaglaryny gowşurdy

Aşgabat, 23-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Gazagystan-Türkmenistan –Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygyna mynasyp goşant goşan demirýolçulary sylaglamak dabarasy boldy.


22.01.2015 | Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary tamamlandy

Mary, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistana döwlet saparynyň jemleýji güni Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Mary welaýatynyň dolandyryş merkezine baryp gördi.


22.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda häzirki döwür üçin möhüm çäreleriň meýilnamalaryna, ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ilkinji derejeli wezipelerine hem-de döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine garaldy.


21.01.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi, goňşy ýurduň Baştutany ýurdumyza iki günlük döwlet sapary bilen geldi.


20.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Allan Mastardy kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


20.01.2015 | Dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

21-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana döwlet sapary başlanýar.


19.01.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly widioşekilli iş maslahatyny geçirdi. Döwlet durmuşynyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan maslahatyna ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, pudaklaýyn düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


16.01.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli ileri tutulýan meseleleriň birnäçesine, şeýle hem möhüm resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


15.01.2015 | Döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamyny ösdürmek we adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesini girizmek boýunça görkezme berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk gatnaşyklary, täjirçilik geleşikleri bilen bagly jedelleri çözmek üçin özbaşdak hereket edýän orbitraž kazyýet ulgamynyň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Işewürlik gatnaşyklarynda emele gelýän söwda-ykdysady jedelleri bütin dünýäde edilişi ýaly, orbitraž edaralarynyň üsti bilen çözmek meselesine seretmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz milli parlamentiň deputatlary bilen bolan duşuşykda eden çykyşynda aýtdy. Şu maksat bilen, orbitraž kazyýetini ýokary kazyýetiň düzüminden çykarmaly.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter