Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

10.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti ulag syýasaty boýunça maslahat geçirdi

Aşgabat, 10-njy noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata taýýarlyk görmek meseleleri hem-de transmilli polat ýolunyň -- “Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň” birinji tapgyrynyň dabaraly açylyşyna taýýarlyk görmek meseleleri boýunça toparlaryň agzalary bilen maslahat geçirdi. Maslahata Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.


10.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Donald Trampyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli oňa gutlag hatyny iberdi.


08.11.2016 | Kuala-Lumpurda ýokary derejede gepleşikler geçirildi

Kuala-Lumpur, 8-nji noýabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Sri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda gepleşikler geçirildi.


07.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat-Kuala-Lumpur, 7-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


04.11.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi hem-de ozal kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


04.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 4-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň premýer-ministriniň orunbasary Ulugbek Rozukulowy kabul etdi. Ol öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada geldi.


03.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň barşy bilen tanyşdy

Aşgabat, 3-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt boýunça iş saparynyň çäklerinde Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Bu ýerde ýene-de bir ýyldanam az wagtdan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.


02.11.2016 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 2-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň geçiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


01.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat-Soçi-Aşgabat, 1-nji noýabr (TDH). Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


31.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 31-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna, milli we sebit ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ýerlerde işleriň ýagdaýyna garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter