Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

28.04.2015 | Ýurdumyzyň ilkinji hemra aragatnaşygyna badalga bermek dabarasy boldy

Kanaweral burny-Aşgabat, 27-28-nji aprel (TDH). Şu gün ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnunda Türkmenistanyň “TürkmenÄlem 52oE” ilkinji aragatnaşyk hemrasyny äleme çykarmak çäresi boldy. Biziň ýurdumyzyň buýrmasy esasynda Fransiýanyň “Thales Alenia Spaсe” kompaniýasynyň taýýarlan kosmiki enjamy “Falсon 9” göteriji bilen älem giňişligine çykaryldy.


28.04.2015 | Älem giňişligine tarap

Bu sene Türkmenistanyň garaşsyz taryhynyň senenamasynda aýratyn orun eýelär: 2015-nji ýylyň 28-nji ýylyň aprelinde Aşgabat wagty bilen 4 sagat 03 minutda Kanaweral burnundaky kosmodromdan (Florida ştaty, ABŞ) Türkmenistanyň «TürkmenÄlem 520 E» ilkinji aragatnaşyk hemrasy uçuryldy. Ýurdumyzyň buýurmasy boýunça Fransiýanyň «Thales Alenia Space» kompaniýasy tarapyndan gurlan emeli hemra «Falcon 9» göterijisi tarapyndan älem giňişligine çykaryldy.


26.04.2015 | Türkmenistan –Tatarystan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy. Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi.


26.04.2015 | Halkara atçylyk sport toplumyndaky dabaralar

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ählihalk dabaralaryna giň gerim berildi. Ol şanly senä bagyşlanan şanly wakalaryň jemini jemledi. Düýn hepdäniň şenbe güni baýramçylyk çäreleri Aşgabat atçylyk sport toplumynda boldy. Onda ýokary derejede ilkinji gezek ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşigi guraldy. Bäsleşige döwlet Baştutanymyz hem tomaşa etdi. Şu gün bolsa Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumy esasy dabaralaryň geçýän ýerine öwrüldi. Bu ýere säher bilen müňlerçe türkmenistranlylar, ýurdumyzyň köpsanly myhmanlary, daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň agzalary ýygnandylar.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň prezidenti Aleksandr Şohini kabul etdi.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň «Knauf» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň «Knauf» kompaniýasynyň wekilleri, GFR-iň ozalky ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministri, häzir bolsa «Knauf» kompaniýasynyň döwlet düzümleri bilen özara gatnaşyklar baradaky baş wise-prezidenti Mihael Glosy we şu kompaniýanyň GDA ýurtlary boýunça dolandyryjysy Aleksandr Blýumhardty kabul etdi.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň baştutany Igor Makarowy kabul etdi.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň wekiliýetini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Rumyniýanyň Patyşa maşgalasynyň agzasy, Rumyniýanyň ozalky Patyşasynyň gyzy — mirasdüşer şazenanynyň ýanýoldaşy şazada Raduny we Daşary işler ministrliginiň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi, Rumyniýa Hökümetiniň energetika howpsuzlygy boýunça ýörite wekili Mehnea Kontantineskuwy kabul etdi, olar Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.


25.04.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisini kabul etdi

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli guralan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň içeri işler ministriniň geňeşçisi emir Muhammed Ben Saad Ben Halid Ben Muhammed Al Saudy kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter