Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GHweGÝJHF) Baş sekretary jenap Elhaj As Sini kabul etdi.


06.05.2015 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy jenap Jemil Çiçegiň ýolbaşçylygyndaky türk parlamentarileriniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


06.05.2015 | Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň Sebit duşuşygy geçirildi. Wekilçilikli maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýurdumyzyň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilleri, GDA ýurtlarynyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gruziýanyň, Latwiýanyň we Estoniýanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


06.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 6-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Beýik Milli Mejlisiniň Başlygy Jemil Çiçegi kabul etdi.


04.05.2015 | Ynsanperwer gatnaşyklaryň geljegi: türkmen-italýan gatnaşyklary gerimini giňeldýär

Rim, 4-nji maý (TDH). Italiýa Respublikasynda saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Westin Exeelsior” myhmanhanasynda ýerleşen kabulhanasynyň golaýyndaky “Willa Borgeze” rim seýilgähine baryp gördi.


04.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Italiýa Respublikasynyň Prezidentiniň arasyndaky gepleşikler

Rim, 4-nji maý (TDH). Şu gün Italiýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi.


03.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň “Sifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy

Milan, 3-nji maý /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Italiýada iş saparynda bolmagynyň çäginde, meşhur fransuz kompaniýasy “Sifalyň” ýolbaşçysy jenap Žil Remi bilen duşuşyk geçirdi.


03.05.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO-2015” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň pawilýonynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat-Milan, 3-nji maý (TDH). Şu gün irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabat şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Natig Agaami ogly Aliýewi kabul etdi.


01.05.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministrini kabul etdi

Aşgabat, 1-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine we täze düzümlýin taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän dörttaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyzy kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter