Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.07.2015 | Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respulikasynyň ilçisi işe başlady

Aşgabat, 6-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lahssan Boufaresden ynanç hatyny kabul etdi.


03.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy

Tbilisi-Aşgabat, 3-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýa iki günlik resmi saparyny tamamlady.


02.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Giorgiý Margwelaşwiliniň gepleşikleri

Aşgabat-Tbilisi, 2-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük döwlet sapary bilen Gruziýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.


01.07.2015 | Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwaty artýar

2-iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary başlanýar. Bu sapar dostlukly döwletiň Baştutany Giorgiý Margwelaşwiliniň çagyrmagy bilen amala aşyrylýar.


01.07.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meselelere, milli maksatnamalaryň amala aşyrylmagynyň barşyna, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


30.06.2015 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 30-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işiniň netijelliligini ýokarlandyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen görülýän gaýragoýulmasyz çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


29.06.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropa işewürliginiň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky hormatly konsuly Kun Minnäni hem-de Ýewropanyň meşhur “Cargolux Airlines International S.A.” awiakompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Dirk Raýhy kabul etdi.


29.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Sifal” fransuz kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Sifal” meşhur fransuz kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žil Remini kabul etdi.


29.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 29-njy iýun /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Thales Alenia Space” kompaniýasynyň prezidenti, baş direktory jenap Žan-Loik Gally kabul etdi.


29.06.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Aşgabat, 29-njy iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter