Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

03.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabada gaýdyp geldi

Aşgabat, 3-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gysga wagtlyk dynç alyşdan soň Aşgabada gaýdyp geldi.


31.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi

Awaza, 31-nji iýul /TDH/. Balkan welaýatynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.


30.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awazadaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy

Awaza, 30-njy iýul (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden uçarda Türkmenbaşy şäherine ugrap, gysga wagtlyk dynç alyş döwründe "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna geldi. Milli Liderimiz bu ýerde Hazaryň türkmen kenarynda kemala gelýän deňiz şypahanasynyň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.


30.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 30-njy iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Martin Buigi kabul etdi.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 21-nji iýul /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan Mejlisler merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şeýle hem ýurdumyzda “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýllygynyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynyň giňden bellenilýän güni bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti guraldy.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çany hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň direktory Žužanna Ýakaby kabul etdi. Myhmanlar “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýörite Aşgabada geldiler.


21.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynda eden ÇYKYŞY

Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Türkmenistan halkara durmuşyna işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde dünýä derejesinde sagdynlygy we abadançylygy üpjün etmäge öz mynasyp goşandyny goşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýeti bolan meseleleri yzygiderli öňe sürýär we bu meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.


21.07.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara saglygy goraýyş maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün irden türkmen paýtagtynda “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş forumy öz işine başlady. Halkara maslahatynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


20.07.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutuş dabarasynda sözlän sözi

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar! Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter