Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti bilen duşuşygy

Aşgabat, 26-njy noýabr /TDH/. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatynyň çäklerinde forumyň hormatly myhmany bolan Awstriýa Respukblikasynyň Milli Geňeşiniň Ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf bilen duşuşdy.


26.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde ulag ulgamyndaky meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady.


26.11.2016 | Aşgabatda dünýä, syýasy we ykdysady jemgyýetçiliginiň wekilleri ýygnandylar

Ir bilen türkmen paýtagtynda işine başlaýan Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatyň açylmagynyň öňüsyrasynda foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular.


26.11.2016 | Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady

Aşgabatda, ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat öz işine başlady. Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilýän forumyň gün tertibine hyzmatdaşlygyň strategiki ugry bolan ulag meseleleri boýunça wezipeleriň giň toplumy girýär.


25.11.2016 | Türkmenistanda Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Kanadanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kris Jon Kuterden ynanç hatyny kabul etdi.


25.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary jenap Lamberto Zanniýer bilen duşuşdy.


25.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.


25.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil ulag birleşiginiň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Halkara awtomobil ulag birleşiginiň (IRU) prezidenti jenap Umberto de Prettony kabul etdi.


25.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.


25.11.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 25-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahata gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimowy kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter