Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

13.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


13.12.2019 | Resmi habarlar

«Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň meselelerini düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


12.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halky dünýä bileleşigi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk gününi belleýär. Şanly baýramçylyk mynasybetli tutuş ýurdumyzda dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Şolaryň esasylary türkmen paýtagtynda guraldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy boldy.


12.12.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Halkara Bitaraplyk güni parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýan ajaýyp halkara baýramdyr. Şoňa görä-de, bu baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň kalbynda eziz Watanymyza bolan söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


12.12.2019 | Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarlar

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de tutuş türkmen halkyna Ysraýylyň halkynyň adyndan mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.


11.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti birža söwdalaryny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda has-da kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri hem-de şu wezipeler bilen baglanyşykly çäreler boýunça iş maslahatyny geçirdi.


11.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti «Kawasaki» ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça ýolbaşçysy Tasuýa Watanabeni kabul etdi.


11.12.2019 | Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi.


11.12.2019 | «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


10.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter