Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

01.06.2020 | Türkmenistan — BMG: çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklary ulgamynda däp bolan hyzmatdaşydyr. ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler çaganyň hukuklaryny goramagyň ileri tutulýan ulgamlarynda bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar.


01.06.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Watanymyza buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


01.06.2020 | 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Gadyrly çagalar! Men siziň ähliňizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt we uly üstünlikler arzuw edýärin.


31.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen halylarynyň döwürleriň, eýýamlaryň taryhyny beýan edýän her bir çitimine zenanlarymyzyň ata Watanyna, mähriban halkyna, öý-ojagyna çäksiz söýgüsi, bimöçber yhlasy siňdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz beýanyny tapýar. Halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.


31.05.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gutlagy

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


29.05.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasy hem-de onuň sebitleri, şol sanda Astrahan oblasty bilen netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.


29.05.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


29.05.2020 | Türkmenistanyň wekiliýeti wideoaragatnaşyk arkaly GDA ýurtlarynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.


29.05.2020 | Resmi habarlar

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.


28.05.2020 | Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter