Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

24.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 24-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Milli özgertmeler maksatnamasyny ýerine ýetirmek, şanly seneleri mynasyp garşylamak bilen baglanyşykly ugurlara we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.


24.08.2015 | Bolgariýanyň Premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

Türkmenbaşy, 24-nji awgust /TDH/. Şu gün Bolgariýanyň Premýer-ministri Boýko Borisow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 25-nji awgustda Aşgabatda geçiriljek gepleşikleriň öň ýanynda myhman ýurdumyzyň iri senagat, ulag we dynç alyş merkezleriniň biri bolan Türkmenbaşy şäherine baryp gördi.


23.08.2015 | Türkmen-bolgar hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýoly bilen

Şu gün, 24-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisowyň Türkmenistana resmi sapary başlanýar.


21.08.2015 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 21-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy we döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


20.08.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.


19.08.2015 | Däbe öwrülen hyzmatdaşlyk täze sepgitleri nazarlaýar

Şu gün, 20-nji awgustda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-täjik gepleşikleri geçiriler. Oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça düýn agşam türkmen paýtagtyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen geldi.


19.08.2015 | Hökümetara türkmen-özbek toparynyň mejlisi

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen pagtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 11-nji mejlisi boldy. Oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.


18.08.2015 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 18-nji awgust /TDH/. Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, dokuzynjy maslahaty boldy. Oňa deputatlar bilen birlikde, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesi girizildi.


18.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi

Aşgabat, 18-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Ýerine ýetiriji direktory jenap Babatunde Osotimehini kabul etdi.


17.08.2015 | Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 17-nji awgust (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ishak Karmel Kagany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter