Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

02.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Stambul şäheriniň gijeki klubynda bolup geçen we köpsanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


31.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym!


26.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.


25.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gara deňziniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Goranmak ministrliginiň “Tu-154” kysymly uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine çuňňur gynanjyny iberdi.


24.12.2016 | Aziada-2017: Türkmenistan dünýä üçin açylýar

Ýetip gelýän 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işlerini giňden beýan etmek meselesi şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen ýörite duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň daşary döwletlerde işleýän diplomatlary, Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldy.


23.12.2016 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


23.12.2016 | AOH we HÝAG – halkara guramalarynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri bellenildi

Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Berdimyrat Rejepow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (AOH) ýanynda Türkmenistanyň Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.


23.12.2016 | Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk ediji ýurt hökmünde borçnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi bellenilen çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


20.12.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň ýaragly hüjüm edilmegi netijesinde pajygaly ýagdaýda gurban bolmagy zerarly, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýürekden gynanjyny beýan edýän gynanç hatyny iberdi.


20.12.2016 | Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Bangladeş Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Majibur Rahman Bhuýandan ynanç hatyny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter