Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

03.03.2017 | Iki aýyň dowamynda Türkmenistana daşary ýurt wekiliýetleriniň 64-si gelip gördi

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyklary alyp barýar, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine uly goşant goşýar.


02.03.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.


02.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipelere belledi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Permanlara gol çekip, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny belledi.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 60 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden we mähirli gutlaglaryny iberdi.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

Şu gün Pakistan Yslam Respublikasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ХIII Sammitinе gatnaşmak maksady bilen, Pakistan Yslam Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Yslamabatda Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Şu gün Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bu ýerde geçýän ХIII Sammitine gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respubikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen duşuşdy.


01.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir

Yslamabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ХIII Sammiti geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny syýasylaşdyrman, onuň işine täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga çagyrdy

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary we ýokary wezipeli wekilleri bu düzümiň çäklerinde mundan beýläk hem özara hereket etmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Baştutany sebit üpjünçilik ulgamyny ösdürmäge Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigi barada aýtdy

Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän sebitleýin ähzmiýektli giň möçberli taslamalar barada aýdyp, YHG-nyň çäklerinde energetika we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi beýleki düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna oňyn täsirini ýetiräýr. Hususan-da, gurluşygy alnyp barylýan turba geçirijileriniň ýanynda täze elektrik ulgamyny we beýleki aragatnaşyk desgalaryny gurmak mümkinçiligi barada aýdyldy.


01.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti YHG agza ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny Aşgabatda geçirmegi teklip etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde eden çykyşynda häzirki zaman ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter