Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

25.02.2017 | Durmuş ulgamynyň pudaklarynyň maglumatlaşdyrylmagy-milli ösüşiň ileri tutulýan ugry

Şu gün Ministrler Kabinetiniň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary düzümleriniň öňünde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda bu düzümlerdäki guramaçylyk meseleleriniň netijeleri we ondan gelip çykýan wezipeler kesgitlendi hem-de olary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.02.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň maslahatyny geçirdi, onda Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere hem-de taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.


24.02.2017 | Moskwada Hökümetara türkmen-russiýa toparynyň onunjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi

Ýurdumyzyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda 20-21-nji fewralda Moskwada geçirilen ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky onunjy mejlisine gatnaşdy.


19.02.2017 | Görnükli daşary ýurtly syýasatçylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ýeňşi bilen gutlaýarlar

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçirilen saýlawlarynda Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn, bu saýlawlara Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Demokratiýa we adam hukuklary boýunça edarasynyň bilermenleri gözegçiligi amala aşyrdylar.


19.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag bilen ýüzlendi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!


18.02.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň daşary syýasaty içerki ösüşler we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün etmek üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir

18-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara çykyş edip ýüzlenmek bilen ýakyn geljekdäki ýedi ýyl üçin Türkmenistanyň daşary saýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi.


18.02.2017 | Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri Bitaraplyk tejribesini düýpli öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň zerurdygy babatda pikirlerini aýtdylar

Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol şanly seneleriň ikisine—şu gün bellenilip geçilýän Diplomatik işgärleriniň gününe hem-de Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlandy.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň resmi taýdan işe girişmek dabarasynda eden çykyşy

Eziz watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Şu gün ajaýyp Ruhyýet köşgüniň mejlisler zalynda men hormatly ýaşulularymyza, abadan we bagtyýar geljegi gurmak wezipesi öňünde duran merdana ýaşlarymyza, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna, Milli parlamentiň deputatlaryna, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we diplomatik korpusyň wekillerine berk jan saglyk, uly üstünlikler, bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarym bilen ýüzlenýärin!


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.


17.02.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarife ýurduň Sehwan şäherindäki Lal Şahbaz Kalandar ybadathanasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter