Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

18.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.


17.03.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.


16.03.2017 | Dohadaky gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýillerini berkitdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.


16.03.2017 | Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň beýleki resmi wekilleriniň hem birnäçesi gatnaşdy.


16.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baştutany özara gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet saparynyň çäklerinde Kataryň Maýa goýum edarasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Şeýh Abdullah ben Muhammad ben Saud Al-Tani bilen duşuşdy.


15.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Emir Tamim Bin Hamad Al Tani türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny anyklaşdyrdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletine döwlet sapary bilen ugrady. Milli Liderimizi Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.


15.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet saparynyň barşynda Dohoda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soňra kataryň Emiri bilen Dohanyň “Al Şakab” atçylyk sport toplumyna baryp gördi.


15.03.2017 | Ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitarplaýyn resminamalara gol sekildi

Şu gün Dohada ýokary derejeli türkmen-katar gepleşikleri geçirildi. Katar döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al Tani hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki iki ýurduň resmi wekiliýetiniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde duşuşyk geçirdiler, soňra bolsa olar “ýüzbe-ýüz” ýagdaýda duşuşdylar.


15.03.2017 | Türkmenistan Kataryň ulag-logistika kompaniýalaryny bilelikde işlemäge çagyrdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-katar gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy, hususan-da, deňiz we howa gatnaşyklaryny ösdürmegi görkezdi.


15.03.2017 | Söwda we infrastruktura ösüşi türkmen-katar ykdysady hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge itergi berer. Döwlet Baştutanymyz Dohada geçen gepleşiklerde çykyş edip, Türkmenistanyň we Katar döwletiniň haryt dolanyşygynyň hem-de hyzmat görnüşleriniň möçberini artrdyrmak, iki ýurduň ykdysady hyzmatdaşlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter