Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.04.2017 | «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy - Aşgabat-2017-niň senasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny seçip almaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport (yzmatdaşlygy” atly halkara çäräniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.


09.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä bosgun türgenleriň gatnaşmaklarynyň mümkinçilikleri baradaky meselä garamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Mejlisiň Başlygynyň, hökümet we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


09.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl Gustawa Stokgolm şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


08.04.2017 | Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy

Belarus Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberip, Türkmenistanda özüniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hatda şeýle diýilýär:


08.04.2017 | Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:


08.04.2017 | Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystan we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

OYR-nyň Prezidentiniň gutlagynda “Owganystanyň we Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady meýilnamalary bir-birine gabat gelýär. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkini kabul etdi. Ol Russiýanyň wekiliýetiniň düzüminde ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp geçirilýän “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara kongrese gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi.


07.04.2017 | Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Şu gün Awazada Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.


07.04.2017 | RLDP-nyň başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulysy” diýen at gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäherinde geçýän dabaralara gatnaşýan Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä “Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda şahadatnamany we döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter