Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.12.2017 | Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


23.12.2017 | Türkmenistan Russiýanyň sebitleri bilen göni, netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi.


22.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind bilen telefon arkaly gepleşigi boldy.


22.12.2017 | BMG-nyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag boýunça Rezolýusiýany kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama kabul edildi.


22.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Ýagşygeldi Elýasowiç Kakaýew Döwlet baştutanynyň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi wezipesine bellenildi.


22.12.2017 | Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak” Rezolýusiýasyny kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda kabul eden (Ikinji komitetiň (A/72/420) nutugy boýunça) Rezolýusiýasy


20.12.2017 | Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi, oňa bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary gatnaşýar.


20.12.2017 | Türkmenistan bilen BAE arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilçilikli toparyny kabul etdi. BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky bu wekilçilikli toparyň düzüminde BAE-niň energetika ministri Suheýl Al Mazrui, BAE-niň infrasruktura ösüşi ministri Abdulla bin Mohammed Belhaif Al Nuaimi we Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bar.


18.12.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarynyň häkimleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter