Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

12.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy kabul etdi.


11.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


09.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Meksikaly kärdeşine adam pidalaryna getiren ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Enrike Penýa Nýeto ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


09.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky permana gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Meretmämmet Hanmämmedow “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.


09.09.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen energetiklerini hünär baýramçylygy bilen gutlady

Sizi Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.


08.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Onda öňümizdäki möhüm wakalar bilen baglanyşykly döwlet durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem gün tertibine durmuş-ykdysady ösüşiň pudaklaýyn wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.


08.09.2017 | Milli Parlament Gazagystan bilen strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklady

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde Astana şäherinde gol çekilen Şertnama tassyklanyldy.


08.09.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi Özbegistan Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklady

“Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda 2017-nji ýylyň 6-njy martynda Aşgabat şäherinde gol çekilen Şertnama tassyklanyldy.


08.09.2017 | Hökümet wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşar

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R. Meredow habar berdi.


06.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we IKAO-nyň geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikler babatdan pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter