Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Şazenany Ýelizaweta II we Premýer-ministri hanym Tereza Meýe London şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


23.03.2017 | Türkmenistanyň Mejlisinde duşuşyk

Türkmenistanyň Mejlisinde Daniýa Patyşalygynyň Parlamentiniň deputaty, Daniýanyň ÝHHG-daky Parlament Assambleýasynyň wekiliýetiniň başlygy jenap Peter Ýuel Ýenseniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyza gelen wekilçilikli topar bilen duşuşyk boldy.


21.03.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna


20.03.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçyny saýlady

Türkmenistanyň Mejlisi Adalatçynyň wezipesine Ýazdursun Gurbannazarowany saýlady. Milli Parlamentiň «Adalatçyny saýlamak hakynda» degişli Karary Türkmenistanyň Mejlisiniň şu gün geçirlen bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahatynda kabul edildi.


20.03.2017 | Türkmenistanyň Mejlisi kanunçylyk namalarynyň birnäçesiniň taslamalaryna garady we kabul etdi

Aşgabatda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on dokuzynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşine hem-de döwletiň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanan kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.


18.03.2017 | Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç bag ekmek çäresine gatnaşdy

Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanda bolýan Belarus Respublikasynyň milli ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Mihail Mýasnikowiç köpçülikleýin bag ekilişine gatnaşdy.


18.03.2017 | Hormatly Prezidentimiz bagy-bossanlyga büremegiň ýazky möwsümine badalga berdi

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek çäresine badalga berildi, onuň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça 416 müňe golaý agaç nahallary oturdyldy, şeýle hem ozal bar bolan baglaryň 1 million 150 müňden gowrak düýbüne ideg edildi.


17.03.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere hem-de resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.


16.03.2017 | Dohadaky gepleşikler Türkmenistanyň we Kataryň gatnaşyklary giňeltmäge bolan meýillerini berkitdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletine döwlet saparynyň ikinji, jemleýji güni boldy.


16.03.2017 | Türkmenistanyň Baştutany Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Kataryň Ylym, bilim we jemgyýetçilik ösüşi boýunça gaznasynyň (Quatar Foundation) ýolbaşçysy Şeýh Hind bint Hamad Al Tani bilen hem duşuşdy. Duşuşyga Gaznanyň beýleki resmi wekilleriniň hem birnäçesi gatnaşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter