Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

14.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkiýe Respublikasynyň Mugla welaýatynda bolup geçen awtobus helakçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


12.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy.


12.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti hökümetde guramaçylyk meselelerine garady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetinde wezipelere bellemek meselelerine garady. 2017-nji ýylyň dört aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli Permanlara we Kararlara gol çekildi.


12.05.2017 | Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda şeýle diýilýär:


12.05.2017 | Mejlis Batyr Atdaýewi Baş prokuroryň wezipesine bellemäge razylyk berdi

Mejlisiň maslahaty boldy, onuň barşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesine bellemek hakyndaky meselä garaldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Batyr Taganowiç Atdaýewi ýurdumyzyň Baş prokurory wezipesine bellemäge razylyk berildi.


12.05.2017 | Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna hat iberdi

Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi


10.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Mun Çže Ine Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


09.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA


09.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

1941-1945-nji ýyllar XX asyrda parahat durmuşa we siwilizasiýa gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetine hem-de medeniýetine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren iň pajygaly, agyr we hasratly döwür hökmünde taryha girdi,-diýlip gutlagda aýdylýar.


08.05.2017 | Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Husseýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Onda şeýle diýilýär: Pakistanyň Hökümetiniň hem-de halkynyň adyndan Size iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we hoşniýetli arzuwlarymy iberýärin.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter