Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

25.11.2019 | Aşgabatda Aral boýunça Sebit iş toparynyň duşuşygy geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda «Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň gurluşyny we hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça sebitleýin iş toparynyň üçünji duşuşygy öz işine başlady.


24.11.2019 | Türkmenistanyň Daşary işler ministri BAE-niň resmi adamlarynyň birnäçesi bilen duşuşyk geçirdi

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi.


23.11.2019 | Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň mejlisi

Şu gün paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi.


23.11.2019 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli geçirmek, pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de «Oba hojalyk pudagynda 2020 — 2030-njy ýyllar aralygynda oba hojalyk tehnikalaryna we gurallaryna sanly elektron ulgamy arkaly dolandyrmagy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen «John Deere Walldorf GmbH & Co KG» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama» laýyklykda, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


23.11.2019 | Dubaýda Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Birleşen Arab Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Baş konsullygynyň dabaraly açylyşy boldy.


22.11.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


22.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Hudaýberdyýewe «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri ýokary derejede wasp etmäge, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny giňden açyp görkezmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine yhlasly we tutanýerli zähmeti bilen uly goşant goşýarlar. Döredijilik işgärleriniň ak ýürekden çekýän zähmetinden dörän ajaýyp eserler beýik Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar döwrümizi has-da dabaralandyrýar, eziz Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini, merdana halkymyzyň gazanýan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýaýýar.


22.11.2019 | Resmi habar

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy.


21.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda pudakdaky işleriň ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.


20.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti senagat - kommunikasiýa toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynda bar bolan çözülmeli meseleler hem-de toplumyň öňünde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter