Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

16.06.2017 | Aşgabatda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi

2017-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk edýän Türkmenistanda Gaznanyň Ýerine ýetiriji komiteti döredildi. Anna güni geçirlen hökümetiň mejlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Çözgüde gol çekdi.


16.06.2017 | Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady.


16.06.2017 | Aşgabatda Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Wengriýanyň daşary işler we söwda ministriniň orunbasary Iştwan Mikolanyň baştutanlygyndaky wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


15.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda we Ahal welaýatynda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça paýtagtymyz we onuň ýanaşyk çäkleri boýunça dikuçarda iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň ýagdaýy, “Aşgabat — 2017” Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, şeýle hem Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk möwsümleriniň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew boldy.


15.06.2017 | DИМ-de geçirilen maslahatda BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistanyň saparynyň jemleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň ýolbaşçysynyň Aşgabada bolan iş saparynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.


14.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


14.06.2017 | BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary tamamlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň Türkmenistana iş sapary tamamlandy.


14.06.2017 | Niderlandlaryň Patyşasy Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandr öz gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


14.06.2017 | Finlýandiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Sauli Niýnistýo öz hatynda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady.


13.06.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasyndaky gepleşikler

Türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda gepleşikler geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter