Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

05.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi

Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň taslamalarynyň birnäçesine seredildi.


05.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “EKSPO-2017-de” häzirki Türkmenistanyň aýdyň keşbini döretmek gerek

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 10-njy iýun – 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek “EKSPO-2017” ýöriteleşdirilen halkara sergisinde türkmen ekspozisiýasyny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


05.05.2017 | Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi

Türkmenistanyň wekiliýeti iş sapary bilen Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani tarapyndan kabul edildi.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al-Sauda onuň dogany Şazada Mişaal ben Abdelaziz Al-Saudyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana Gülüstan welaýatyndaky “Zemestan-Ýurt” kömür şahtasynda bolup geçen partlama netijesinde adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.


04.05.2017 | Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti wezipesine saýlanylmagym mynasybetli Siziň iberen hem-de meni ruhlandyran gutlagyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


04.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Gutlagda şeýle diýilýär: Sizi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän ulag we logistika boýunça halkara maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň bilşiňiz ýaly, 2016-njy ýylyň noýabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Aşgabat şäherinde Durnukly ulag ulgamy boýunça I Ählumumy maslahat geçirildi. Bu maslahata gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi, hususan-da, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek, häzirki döwürde halkara ulag guramalary tarapyndan bütin dünýäde halkara ulag geçelgelerini giňeltmek boýunça guramaçylyk we hukuk babatda amala aşyrylýan işler barada pikir alyşdylar.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow 2017-nji ýylyň 3-nji maýynda tarpa-taýyn aradan çykdy.


03.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamini kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter