Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

20.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglary iberdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Nowruz güni mynasybetli döwlet Baştutanlaryna hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny iberip, doganlyk ýurtlara we halklara durnuklylyk hem-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.


20.03.2020 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de paýtagtymyzyň sil suwlaryndan goraglylygyny has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» Paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.


20.03.2020 | Türkmen halyçylygy — ýurdumyzyň däp-dessury we häzirki zaman nyşany

ÝUNESKO-nyň baş direktory Odri Azule hormatly Prezidentimize türkmen milli halyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy bilen bilelikde resmi hatyny ugratdy.


19.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk we senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


19.03.2020 | Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryndan hem-de ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, bu ýurduň ilatyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz bermek tabşyryldy.


19.03.2020 | Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegi

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwerlik kömegi iberildi.


18.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdelerini we resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak boýunça iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň medeniýet we habar beriş syýasaty meselelerine gözegçilik edýän orunbasary B.Abdyýewanyň hem-de ulag we kommunikasiýa ulgamynyň işleriniň utgaşdyrylmagyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


18.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


17.03.2020 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy.


17.03.2020 | Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler Birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli TSTB sergisine hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 12 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter