Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

16.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti “Areti” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Areti” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.


15.08.2017 | Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň möhüm wezipelerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary mejlisini geçirdi. Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe howpsuzlygy üpjün etmek babatda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde duran möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


15.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Murad Aşraf Janjuany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


14.08.2017 | Wideoşekilli iş maslahatynda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň kadalaşdrylyşy we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk meseleleri garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy düzümlerine we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


13.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah El-Sisiýe Aleksandriýa şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.08.2017 | Pudaklary ösdürmek wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça çäreler kesgitlenildi

Şu gün ministrliklerde we pudak edaralarynda maslahatlar geçirildi, olaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 7 aýynda ýurdumyzyň ösüşüniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde öňde goýlan meselelere garaldy.


11.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Serhet goşunlarynyň serkerdelerini we şahsy düzümini Serhet gullugynyň döredilmeginiň 25 ýyllygy bilen gutlady

Watanymyzyň dost- doganlyk araçäkleriniň ygtybarly goragyny we mizemezligini üpjün etmekde siziň jogapkärli borjuňyzy hemişe üstünlikl ýerine ýetirjekdigiňize, Watana we harby kasama wepalylygyň belent nusgasyny görkezjekdigiňize berk ynanýaryn,--diýlip Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet serhet gullugynyň serkerdelerine, harby talyplaryna we şahsy düzümine iberen gutlagynda aýdylýar.


10.08.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


09.08.2017 | Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemleri we “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk göçme mejlisiň gün tertibine girizildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary gatnaşdylar.


09.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýew Merkezine baryp gördi

Azerbaýjan resbuplikasyna bolan resmi saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Baştutany häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi. Belent mertebeli türkmen myhmanyny esasy girelgäniň öňünde Merkeziň ýolbaşçylary mähirli garşylady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter