Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

05.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY S.Ş.WELBEGOW hakynda

Silap Şamyradowiç Welbegowy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


05.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY KAKABAÝEW M.M. hakynda

Kakabaýew Merdan Maksatowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


05.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY GURBANOW H.A. hakynda

Gurbanow Halykdurdy Annadurdyýewiçi, işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly.


05.07.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Mejlisde durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna baha berildi, hökümetiň, aýry-aýry ministrlikleriň, sebitleriň dolandyryş edaralarynyň işiniň netijelerine, guramaçylyk meselelerine garaldy, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.


05.07.2019 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2019-njy ýylda çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda çykaran 4-nji Kararyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


04.07.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Rozygeldi Jumagylyjowiç Allaberdiýew, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.


04.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany H.Soltanow hakynda

Hajymämmet Soltanowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.


04.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany S.G.Nazarow hakynda

Serdar Goçakowiç Nazarowy Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň rektory wezipesine bellemeli.


03.07.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Işanguly Bakyýew Türkmen döwlet maliýe institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.


03.07.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter