Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.10.2017 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çykyşy (Ahal we­la­ýa­ty, 2017-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň mas­la­ha­tyn­da­ky çykyşy (Ahal we­la­ýa­ty, 2017-nji ýy­lyň 9-njy okt­ýab­ry)


09.10.2017 | Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň bä­şin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň no­bat­da­ky, ýig­ri­mi üçün­ji mas­la­ha­ty bol­dy. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­na, Kons­ti­tu­si­ýa­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­ne, ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk hu­kuk bin­ýa­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­ma­gyň top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan ka­nun­la­ryň we ka­da­laş­dy­ry­jy-hu­kuk ­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si ka­bul edil­di.


09.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Harby-deňiz güýçleriniň serkerdelerine, deňizçi esgerlerine,deňizçi harby talyplaryna we deňizçi harby okuwçylaryna gutlag iberdi

Döwlet baştutanynyň gutlagynda:- Sizi Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn -diýilýär.—Biz deňiz çäklerimiziň bitewiligini üpjün edýän, Hazar deňzini dostlugyň we ylalaşygyň deňzine öwürmekde uly işleri bitirýän deňizçi harby gullukçylaryň hyzmatyna berlen ýokary baha berýäris.


07.10.2017 | Medeniýet we sungat ulgamynyň işgärlerine hormatly atlar dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi, resminama laýyklykda ýürdumyzyň milli medenýetini, teatr, kino, aýdym-saz sungatyny, žurnalistikasyny we medeni aň-bilim edaralaryny ösdürmäge, zehinli ýaş döredijilik işgärlerini taýýarlamaga we terbiýelemäge goşan aýratyn goşantlary, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli şu medeniýet, sungat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy:


06.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

6-njy oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadakalar berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şu gün bu ýere ir säher bilen ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi we paýtagtymyzyň myhmanlary geldiler.


05.10.2017 | Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň 2017-nji ýylyň geçen dokuz aýy jemi jemlendi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi, döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyna garaldy hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.


05.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wezipelere bellemek hakyndaky resminamalara gol çekdi

Döwlet baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň dokuz aýyna bagyşlanan mejlisinde degişli resminamalara gol çekdi.


05.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz syýasat boýunça wise-premýeri wezipä belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň dokuz aýynyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowy ykdysadyýet, banklar we halkara maliýe düzümleri bilen işlemek meseleleri boýunça wise-premýeriň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.


04.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar Döwletiniň Emiriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.


03.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi. Mejlisiň gün tertibine şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde ýakyn geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter