Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Milli mejlisinde duşuşyk geçirdi.


08.08.2017 | Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini beýan etdiler

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


08.08.2017 | Türkmen we azerbaýjan liderleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň ýüzbe-ýüz duşuşygy tamamlanandan soň gepleşikler gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.


08.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjanyň Premýer-ministri hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

Bakuda resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Artur Rasizadeni kabul etdi.


08.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti: Hazardaky bilelikdäki taslamalar örän uly parahatçylyk döredijilik we ykdysady kuwwata eýedir

Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen şu gün bolan gepleşiklerde aýtdy.


08.08.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


08.08.2017 | Bakuda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ilham Aliýewiň arasynda gepleşikler başlandy

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda Prezident Ilham Aliýewiň hem-de iki günüň resmi sapar bilen Bakuda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gepleşikleri başlandy.


07.08.2017 | Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça pikir alşarlar

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň azerbaýjanly kärdeşi Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrýan resmi sapary başlanýar.


07.08.2017 | Kazyýet edaralarynyň iň gowy işgärleri üçin döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen „Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri“ diýen döşe dakylýan nyşan hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.


07.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter