Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: biziň başlangyçlarymyz Beýik Ýüpek ýoluny häzirkizaman görnüşinde gaýtadan dikeltmäge gönükdirilendir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen demirýolçularyny lokomotiw deposynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Onda şeýle diýilýär: Döwlet we halkara ähmiýetli demir ýollaryň, inženerçilik we dolandyryş desgalarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňiz, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňiz eziz Diýarymyzyň ynamly ösüşine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, halk hojalygynyň beýleki ulgamlarynyň pugtalanmagyna uly goşant goşýar.


22.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşine şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanjyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde we Gur welaýatynda ýerleşýän metjitlerinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


22.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ekerançylaryny gazanan goşa zähmet ýeňişleri bilen gutlady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýürdumyzyň babadaýhanlary möhüm oba hojalyk möwsümi bolan güýzlük däne ekişini tamamladylar we Watan harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler.


21.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze binagärlik taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleribilen tanyşdy hem-de atly gezelenç etdi.


21.10.2017 | Singapuryň Prezidenti türkmen Liderini V Aziadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aşgabatda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.


19.10.2017 | Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


19.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


18.10.2017 | Türkmenistanda halkara maslahaty

Paýtagtymyzda “Hazar sebitinde parahatçylyk, durnuklylyk we halkara hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdylar.


18.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny—stats-sekretaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary—stats-sekretary Grigoriý Karasini kabul etdi.


18.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter