Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

26.02.2018 | Türkmenistan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň düzümine agza saýlanyldy

22-nji fewralda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň (BMG-niň ÝYK) Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen nobatdaky 80-nji mejlisiniň barşynda Türkmenistany bu Komitetiň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.


24.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti serhet galasynyň binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Serhetabat serhet birikmesiniň serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


23.02.2018 | Täze transmilli desgalaryň gurluşygyna taryhy badalga berildi

Şu gün Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat-Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar gatnaşdylar.


23.02.2018 | Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisi barada Ylalaşyga gol çekildi

TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna badalga berilmegi, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaranyň barşynda resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


23.02.2018 | Mobaşar Jawed Akbar: TOPH gaz geçirijisi hindi ykdysadyýeti üçin hem möhüm taslama bolup durýar

TOPH gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edip, Hindistanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Mobaşar Jawed Akbar şeýle taryhy pursatlarda Türkmenistanda bolmaga şatdygyny belledi. Türkmen we hindi halklarynyň dostlugy we hyzmatdaşlygy müňýyllyklardan gözbaş alýar diýip, Hindistan Respublikasynyň DIM-niň baştutany aýtdy we asyrlaryň dowamynda emele gelen bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin möhüm binýat bolup durýandygyny nygtady.


23.02.2018 | Pakistanyň Premýer-ministri: TOPH taslamasy netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri döredýär

Meniň üçin şu gün bu ýerde bolmak uly hormatdyr diýip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyryna başlanmagyna bagyşlanan dabarada çykyş edende aýtdy.


23.02.2018 | Owganystanyň Prezidenti: TOPH -- geljekki nesillerimiz üçin hyzmatdaşlygyň binýady

“Bu gün biz diňe bir gaz geçirijisiniň gurluşygynyň düýbüni tutmak bilen çäklenmän, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin binýady, hyzmatdaşlygyň binýadyny goýýarys” diýip, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani TOPH taslamasynyň nobatdaky tapgyrynyň durmuşa geçirilmegine başlanmagyna bagyşlanan dabarada aýtdy.


23.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti: bir-biregi ýakynlaşdyrýan taslamalar sebitiň ýurtlarynyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň ýol açýar

Tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýa ýoly bilen, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny köptaraply düzümleri döretmegiň hasabyna artdyrmak arkaly mawy ýangyjy eksport etmek boýunça tutumly işleri alyp barýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TOPH gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabarada eden çykyşynda aýtdy.


23.02.2018 | TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna badalga aldy

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda şäherinde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň täze böleginiň gurluşygyna badalga berildi, şeýle hemTürkmenistan-Owganystan-Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Şunuň bilen birlikde Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.


22.02.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň we Pa­kis­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler

Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri Şa­hid Ha­kan Ab­ba­si­niň ara­syn­da gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Be­lent mer­te­be­li myh­man Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tä­ze des­ga­la­ry­nyň, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­my­nyň we op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň gur­lu­şy­gy­nyň baş­lan­ma­gy hem-de Ser­he­ta­bat — Tur­gun­dy de­mir ýo­lu­nyň açy­ly­şy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za gel­di.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter