Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

23.08.2018 | Türk­me­nis­tan bi­len Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk, dost­lu­gy we yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak ha­kyn­da JAR­NA­MA

Mun­dan beý­läk Ta­rap­lar diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan Türk­me­nis­tan we Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­lu­gyň çuň däp­le­ri­ne we do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­la­nyp,


22.08.2018 | Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki göçme mejlisi

«Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti­niň bi­le­lik­dä­ki göç­me mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şy­na se­re­dil­di, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len içer­ki sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­mek­de gel­jek­ki we­zi­pe­ler hem-de döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň beý­le­ki bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.


22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Pre­zi­dent, ga­dyr­ly do­ga­nym! Si­ziň Aly­hez­re­ti­ňi­ze Gur­ban baý­ra­my my­na­sy­bet­li hal­ky­myň adyn­dan hem-de hut öz adym­dan mä­hir­li gut­lag­la­ry­my be­ýan ed­ýä­rin.


22.08.2018 | Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet saparyna

23-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ça­gyr­ma­gy bo­ýun­ça Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Soo­ron­baý Žeen­be­ko­wyň Türk­me­nis­ta­na döw­let sa­pa­ry baş­lan­ýar.


22.08.2018 | Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky­na

Si­zi ru­hy tä­miz­li­giň hem-de yn­san­per­wer­li­giň aja­ýyp baý­ra­my bo­lan mu­kad­des Gur­ban baý­ra­my bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!


21.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri Gurban baýramy bilen gutladylar

“Gazagystanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi hem-de Türkmenistanyň ähli halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.Goý, gadymdan bäri musulman ymmatyna parahatçylyk, jebislik, hoşniýetlilik hem-de birek-birege kömek bermek ýaly müdimilik adamzat gymmatlyklaryny ündeýän bu baýramçylyk raýdaşlykdan hem-de bereketden doly bolsun! Goý, mukaddes baýramyň sahawaty biziň halklarymyzyň doganlyk gatnaşyklarynyň we jebisliginiň pugtalandyrylmagyna ýardam etsin!


20.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.


20.08.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Olimpiýa köçesinde ýerleşýän 12 gatly 118 öýli 6 sany ýaşaýyş jaýynyň hem-de 12 gatly 81 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hasabyna degişli toplumyň işgärlerine we Türkmenistanyň raýatlaryna satmak üçin bellenen tertipde berilmegini üpjün etmek tabşyryldy.


20.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Imran Hana Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlag iberdi.


19.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter