Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

25.03.2019 | Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.


24.03.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Size, Siziň maşgalaňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna Nowruz baýramy günlerinde şatlyk we rowaçlyk arzuw edýärin. Bu dabaraly günlerde dünýäniň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem köp sanly adamlar täzelenişiň, täzeden döreýşiň baýramçylygyny belleýärler.


22.03.2019 | YHG-nyň Baş sekretary döwlet Baştutanyny Halkara Nowruz baýramy bilen gutlady

Ajaýyp Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize mähirli gutlaglarymy we arzuwlarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr.


21.03.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


20.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.


20.03.2019 | Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Milli bahar baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


20.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda


20.03.2019 | Türkmenistanyň Suw diplomatiýasy: deňlik we umumy bähbitlilik ýörelgelerinde

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynyň barşynda gepleşikleri we iş maslahatlaryny geçirmek maksady bilen, Ýaponiýa ugraýan türkmen wekiliýetiniň agzalaryna birnäçe möhüm tabşyryklary berdi.


20.03.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy

Hytaýyň däp bolan Bahar baýramy bilen gutlap, Siziň iberen hatyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


19.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter