Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Yrak Respublikasynyň Prezidenti Fuad Masuma ýurtda bolup geçen, adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hassan Ruhana ýurduň günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýer titremesi zerarly gynanç hatyny iberdi.


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Borut Pahora Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli oňa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


13.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň birnäçe etrap häkimlerini wezipeden boşatmak hakynda Karara gol çekdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin


13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesine belledi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Nobatow Meýlis Orazmyradowiçi başga işe geçmegi sebäpli ony bu gullugyň başlygy wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän maýor Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçi bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.


10.11.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary girizildi, şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


10.11.2017 | Türkmen Lideri “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygyna we Daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygyna berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenhowaýollary” gullugynyň başlygy Saburow Döwran Reýimbaýewiçe, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek olaraa soňky gezek duýduryldy.


10.11.2017 | Döwlet Baştutany zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasaryny wezipesinden boşatdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annamuhammedow Ahmet Ataýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri we ýolbaşçy wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişi edendigi üçin, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary-Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.


09.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara deňiz portunyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy.


09.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz bilim we sport baradaky halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Bilim halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr, durmuş kadalarynyň, medeniýetiň hem-de tejribäniň çeşmesidir. Bilim döwletimiziň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, Türkmenistany has-da okgunly ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni giňişliginde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ilkinji nobatda, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryndan, täze tehnologiýalardan, innowasiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerinden ugur alyp, biz milli bilim ulgamyna düýpli maýa goýumlaryny gönükdirýäris – diýip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda aýdylýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter