Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

03.10.2017 | Türkmenistanda Çili Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Çili Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Hose Manuel Silwa Widaurreden ynanç hatyny kabul etdi.


03.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Prezidentine Las-Wegas şäherinde bolup geçen terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Las-Wegas şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa strategiki hyzmatdaşlyk hakynda şertnama baglaşdylar

Şu günüň ikinji ýarymynda türkmen paýtagtyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi sapar bilen geldi.


02.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.10.2017 | Türkmenistan we Russiýa medeniýet, ylym we bilim ugurlaryndaky gatnaşyklaryň giňemegi boýunça maksatnamalary pugtalandyrdylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde gol çekilen ynsanperwer ugurda - bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da giňeltmäge gönükdirilen resminamalaryň uly bukjasynyň ýokary derejede gol çekilen resminamalaryň üstüni ýetirendigini bellemek gerek.


02.10.2017 | Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň döwletara resminamalar toplumyna gol çekildi

Ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleri tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


02.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz: biziň Russiýa bilen gepleşiklerimize daşarky ýagdaýlar täsir etmeýär

Medeni-ynsanperwer aragatnaşyklar meselesi boýunça ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlykda hemişe aýratyn orun eýeläp, Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň özara düşünişmeginiň, ynanyşmagynyň, çuňňur hormat goýmagynyň we mähirliliginiň berk köprüsi bolup hyzmat edip gelýär.


02.10.2017 | Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlendi

Paýtagtymyzdaky ýokary derejeli türkmen-russiýa gepleşikleriniň esasy meselesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk babatynda boldy.


02.10.2017 | Türkmen we russiýaly Liderler Hazar deňziniň köptaraplaýan hyzmatdaşlygy meselesine seretdiler

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzyň Hazar deňzindäki goňşusy bolup durýandygyny belläp, Hazary parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňişligine öwürmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde türkmen-russiýa hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini belledi.


02.10.2017 | Türkmenistan Merkezi Aziýada Russiýa bilen ýygjam syýasy-diplomatik gatnaşyklary dowam etmäge taýýar

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Merkezi Aziýadaky ýagdaýlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlygy ýokary derejedäki türkmen-russiýa gepleşikleriniň aýratyn meselesi boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, taraplar bu ýerde pugta parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi ugrunda yzygiderli hem-de maksada okgunly işleýär. Bu bolsa iki tarapyň strategiki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de özara gatnaşyklarymyz bu maksada ýetmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter