Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

31.01.2018 | “Çalyk Holding” TOPH gaz geçirijiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamyny çekmek taslamasynyň gurluşygyna gyzyklanma bildirdi

Balkan welaýatyn iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


31.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag bilen ýüzlendi

Türkmenistanda ähli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar daşary ýurtly hyzmatdaşlarda uly gyzyklanma döredýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» Türkmenistanyň önümçilik toplumyny döwrebaplaşdyrmak, şeýle-de häzirki zamanyň döwrebap tilsimatlaryna daýanýan ykdysady ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.


30.01.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň birinji aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.


30.01.2018 | Goranmak ministrine käýinç yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Goranmak ministri Berdiýew Ýaýlym Ýagmyrowiçe käýinç yglan edildi.


29.01.2018 | Berkararlyk we bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysy—2017-nji ýyl

Ministrler Kabinetiniň 26-njy ýanwarda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerine baha berip, ony, umuman, ýurdumyz üçin üstünlikli ýyl diýip häsiýetlendirdi.


29.01.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady.


29.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Miloş Zemany Çehiýa Respublikasynyň Prezidentilige gaýtadan saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Miloş Zemana onuň Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


29.01.2018 | Akmaral Weliýewa «Türkmen dili» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akmaral Kakyşowna Weliýewa “Türkmen dili” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary wezipesine bellenildi.


28.01.2018 | Hoşgeldi Mergenow Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanyň senagat ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek senagat minitsriniň orunbasary Hoşgeldi Muhammetberdiýewiç Mergenowyň üstüne ýüklenildi.


28.01.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti owgan kärdeşine Kabulda bolan terrorçsylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gana Kabul şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter