Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

09.02.2018 | 2018-nji ýylda 2030 tonna çig pile öndüriler

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de welaýatlaryň häkimliklerine 2018-nji ýylda Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda 2030 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.


09.02.2018 | UNESKO-nyň işleri barada Milli toparyň düzümi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (UNESKO) bilen bilelikde alyp barýan işlerini has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (UNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi tassyklanyldy.


09.02.2018 | Aspirantura we doktorantura kabul ediljekleriň sany tassyklandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, 2018-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň we doktorantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.


09.02.2018 | Aşyrow Batyr Energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşyrow Batyr Ýazmyradowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Energetika ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


09.02.2018 | Hökümetara türkmen-belarus topary tassyklanyldy

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.


08.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we Hindistanyň ilçisi TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlanyny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Azar Abul Hasan Hany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


07.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze zaman ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň çäklerinde bina edilen durmuş maksatly desgalaryň iri toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


07.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti kiprli kardeşi Nikos Anastasiadisi saýlawdaky ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikos Anastasiadisе onuň Kipr Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


06.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi


05.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter